“Talyban” hökümdarlygy astyndaky Owganystan: Bäş ýyllyk krizis, izolýasiýa we ýokarlanýan garşylyk

Badahşan welaýatynyň Faýzabad etrabynda okaýan gyzlar öýlerine gaý dyp barýarlar. "Talyban" 12 ýaşdan uly gyzlaryň mekdepde okamagyny gadagan etdi. Arhiw suraty

Hukuklaryň bolmazlygy, aýlyk gazanlarynyň azalmagy, ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen, “Talybanyň” bäş ýyl hökümdarlygy Owganystana bir opar özgerişlik getirdi, ýöne bular köp owganlynyň umyt eden özgerişlikleri däldi.

Ýol gyrasynda gömlen bombalaryň partlamagy we söweşýän toparlaryň arasyndaky zorlukly çaknyşyklar köp derejede ýatyşdy, ýöne ýurt çuňňur ykdysady krizis, millionlarça adamyň kömege mätäç bolmagyna sebäp bolan agyr ynsanperwerlik ýagdaýy we "Talyban" dolandyryşy netijesinde ýaramazlaşan adam hukuklary ýagdaýy, hususan-da aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik durmuşyndan yzygiderli gyrakladylmagy sebäpli, halkara derejesinde, doly diýen ýaly izolýasiýada galýar.

Owganystanlylaryň köpüsi umydyny doly ýitmedik bolsa-da, bu ýagdaý olaryň köpüsine urlan uly zarba boldy.

“Men Kabulda 20 ýyl bäri taksiçilik edýärin, ýöne soňky bäş ýylyň dowamynda öň hiç haçan başdan geçirmedik kynçylyklary gördüm” diýip, taksi sürüjisi Azatlyk Radiosyna “Talyban” döwründe başdan geçiren maliýe kynçylyklaryny gürrüň berdi.

“Meniň bar isleýän zadym halal gazanç etmek we saçakda azyk önümleriniň bolmagy” diýip, 40-yň onlugyndaky erkek tas özi bilen ýaşdaş taksisiniň ýanynda aýtdy.

2021-nji ýylyň awgust aýynda, halkara güýçleri ýurtdan çekilende häkimiýeti ele geçiren “Talyban” daşary ýurtdan akýan kömege berk bagly we gurluş taýdan gowşak bolan ykdysadyýeti miras aldy.

Emma daşary ýurt kömegi "Talyban" syýasaty, hususan-da aýallaryň öýlerinden daşardaky jemgyýetçilik durmuşyndan doly izolýasiýa edilmegi sebäpli togtadylyp, akyp gelýän maliýe serişdeleriniň hemmesi ýok boldy. Iri işewürlerden başlap, bölek satyjylara, ulag sürüjilerine, gündelik işçilere çenli, owganlaryň hemmesi häzir "Talyban" döwründe azalan girdejilerinden we ykdysady mümkinçiliklerinden şikaýat edýär.

'Orta asyr dolandyryş ideýalary'

Bütindünýä bankynyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda çap edilen hasabatynda aýdylmagyna görä, Talybanyň dolandyrýan Owganystanynda, ýokary işsizligiň we aýallara garşy girizilen çäklendirmeleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini kynlaşdyrmagyny dowam etdirmegi bilen, "garyplyk, azyk howpsuzlygynyň bolmazlygy we iýmit ýetmezçiligi möhüm meseleler bolmagynda galýar".

Gyzlaryň orta mekdebe gatnawynyň bary-ýogy 3 göterim bolmagy bilen, Bütindünýä bankynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, ýurtdaky "ýaş zenanlar nesliniň geljegi garyplyk we garaşlylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar".

"Talyban XXI asyryň çylşyrymly kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurdy dolandyrmak üçin orta asyr dolandyryş ideýalaryny ulanýarlar" diýip, Belfastyň Kwins uniwersitetiniň professory Maýkl Sempl aýtdy.

"Talyban" onlarça ýyl dowam eden çaknyşyklardan soň, degişlilikde, asudalygy dikeltdi.

Bomba partlamalary we howpsuzlyk aladalary azaldy, ýöne, analitikleriň aýtmagyna görä, režim öz öňünde keseren esasy synaglardan geçmek - ykdysady durnuklylygy döretmek we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin gowy dolandyryşy üpjün etmek meselesinde ýeterlik iş edip bilmedi.

“Talyban” ähli demokratik institutlary we maslahat beriji edaralary ýok etdi, karar kabul etmegi ýekemen başlyk molla Hebatullahyň töweregine jemledi. Molla Hebatullah gowy dolandyryşy we ykdysady gülläp ösüşi üpjün etjek toplumlaýyn meýilnama ýa-da ýol kartasyny kesgitlemezden, köp sanly perman çykardy we olaryň aglaba köplügi gyzlar we aýallar bilen baglanyşykly boldy.

Karar kabul etmegiň merkezi paýtagt Kabuldan uzaklaşyp, esasan günortadaky Kandagar welaýatyna, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda "Talyban" hereketiniň dörän ýerine geçdi. Şol bir wagtda, kökleri esasan günorta we günorta-gündogar Owganystanda ýerleşýän, esasan etniki puştunlardan ybarat bolan "Talyban" häkimiýeti ähli derejelerde öz ýokary derejeli liderleriniň, serkerdeleriniň we agzalarynyň arasynda jemledi.

2021-nji ýylyň awgustyndan öň Kabulda gowy dolandyryş boýunça dürli hökümet we hökümete degişli bolmadyk taslamalara gatnaşan owgan analitiki, häzir Waşingtonda ýaşaýan Muştak Rahimiň pikirine görä, “Talyban” üçin iň möhüm synag olaryň dolandyryş nusgasynyň bolmazlygy boldy”.

“Olar Owganystany diňe öňden gelýän usullar boýunça dolandyrýarlar, bu bolsa halkara kadalaryna laýyk gelmeýär” diýip, Rahim Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Olaryň däp bolan dolandyryş ulgamyna ýapyşmagynyň esasy sebäbi, “Talybanyň özünde muny etmäge ne mümkinçilik, ne-de serişde bar, şol bir wagtda olar daşardan beriljek kömegi hem kabul etmeýärler” diýip, Rahim sözüniň üstüni ýetirdi.

Dolandyryşyň bolmazlygy we ýokarlanýan ykdysady howpsuzlygyň goşulyşmagy käbirlerinde Owganystanyň ýene-de howp-hatarlar ojagyna öwrülmek ähtimallygy baradaky aladalary döretdi.

Londonda ýaşaýan owgan analitigi Sami Ýusufzaý soňky bäş ýylyň dowamynda “Talyban” adaty owganlary ýat, keseki adamlara öwrüp, "öz ýurtlarynda özlerini daşary ýurtly ýaly duýar ýaly etdi” diýip ynanýar.

“Asly arassa oba ýerlerinden gelip çykan “Talyban” milli bitewilige az ähmiýet berip, topar wepalylygyna has köp üns berýär” diýip, Ýusufzaý Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Sempl hem “ilatyň daşlaşdyrylandygyna” ynanýandygyny, “Talybanyň” “has köp tarapy öz içine alýan ulgama ýol açyp biljek syýasy prosesiň başlanmagy üçin edilýän islendik tagallanyň” öňüni alýandygyny aýtdy.

Ýaman ýeri, Sempliň aýtmagyna görä, ýakynda azyndan üç topar Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän we Täjigistan, Pakistan we Hytaý bilen serhetleşýän sebitde, baýlyklara baý Badahşan welaýatynda “Talybana” garşy ýaragly garşylyk yglan etdi.

“Ýaragly garşylyk güýçlenýär” diýip, ol welaýatlaryň köpüsinde möwjeýän jenaýatçylyk tolkunlary barada hem habar berilýändigini, “Talybanyň” bolsa “jemleýji jezalandyryşlar we zorlukly ýitirim etmeler” bilen meşgullanýandygyny belledi.

“Talyban” hökümdarlygynyň dowam etmeginiň esasy sebäbi”, onuň pikiriçe, “ýerlerde adamlary mobilizasiýa edip biljek netijeli garşylygyň bolmazlygy” bolup durýar.

Halkara aragatnaşyk

Öz içerki kynçylyklaryna garşy göreşmek bilen bir hatarda, “Talyban” halkara jemgyýetçiligi bilen hem aragatnaşyk gurmaga synanyşyp başlady. Analitikleriň aýtmagyna görä, bu tagalla azyndan bölekleýin daşary ýurt kömegini we maýa goýumlaryny çekmek, ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak tagallalary bilen baglanyşykly bolup görünýär.

Owganystanyň jemi içerki önümi 2020-nji ýylda, halkara güýçleri ýurtda ýerleşýän we hökümet daşary ýurt serişdeleriniň akymy bilen goldanylýan döwründe, takmynan 20 milliard dollara ýetdi.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2021-nji ýylda peselip, 14 milliard dollardan biraz ýokarrak bolup, daşary ýurtlardan iberilen pullar netijesinde, adaty owganlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýaramazlaşyp barýandygyna garamazdan, birneme saklandy.

Orsýet "Talyban" hökümetini resmi taýdan ykrar eden ýeke-täk ýurt bolup durýar. Ýöne bu ýurt Hytaý, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri we käbir Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hem has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy başardy.

Halkara derejesinde edýän tagallalaryny artdyrmak bilen, "Talyban" toparynyň wekiliýeti iýun aýynda Ýewropa Komissiýasy we ÝB-niň 15 agza ýurdunyň wekilleri bilen öň görülmedik, ýapyk gapylar arkasynda geçiriljek tehniki gepleşikler üçin Brýussele bardy. Bu saparyň dowamynda migrasiýa, haýyşlary ret edilen owgan gaçybatalga soraýjylarynyň deportasiýa edilmegi we konsullyk hyzmatdaşlygy barada pikir alyşmalar boldy.

Ýewropa Syýasat Merkezi bu jedelli sapary "süýrenýän kadalaşdyrma" diýip atlandyrdy, "Talyban" bolsa ony ynamy berkitmek we giň diplomatik gatnaşygy ýola goýmak üçin ädilen "taryhy" ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýogsa, kömek meselesi gün tertibine hem girizilmedi we Ýewropa Bileleşiginiň hiç bir ýurdy "Talybanyň" de-fakto häkimiýetini resmi taýdan ykrar etmäge taýyn bolup görünmedi.

Şu aralykda, analitikler "Talybanyň" häkimiýetde galmak üçin has köp tarapy öz içine alýan ulgama ýol açyp biljek syýasy prosesiň başlanmagyna getirjek islendik tagallanyň öňüni almak synanyşygyny dowam etdirjekdigini aýdýarlar.

"Meniň pikirimçe, "Talyban" emirlikleriniň agdarylmagynyň ähli ähtimallygy bar, ýöne ony agdarjak güýjüň häzir öz bolmaly ýerine gelendigine şübhelenýärin" diýip, Sempl aýtdy.