Täsirli özbek jenaýat ketdesi alty ýyl türmä höküm edildi

Salim Abduwaliýew

Özbegistanyň sudy täsirli jenaýat ketdesi Salim Abduwaliýewi, ýaraglary we partladyjylary bikanun saklamakda we daşamakda günäli tapyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Daşkendiň kazyýetleriniň bilelikdäki beýanatyna görä, Salimboý lakamy bilen hem tanalýan, 73 ýaşly Abduwaliýewe höküm geçen hepde çykarylypdyr.

Abduwaliýewiň ýokary derejeli özbek resmileri, şeýle-de Ýewraziýa yklymyndaky neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan “Doganlaryň Halkasy” atlandyrylýan jenaýat tory bilen hem ýakyn gatnaşyklarynyň bardygyna ynanylýar.

Gürrüňi gidýän topara merhum gyrgyz jenaýat ketdesi Kamçybek Kolbaýew hem degişlidi. Ol geçen oktýabrda Bişkekde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda, polisiýa tarapyndan öldürildi.