XIX asyryň başlarynda Kawkazdaky durmuşy suratlandyran fransuz kitabynyň ilkinji gezek çap edilmeginden iki ýüz ýyl geçensoň, bu eser ilkinji gezek gürji dilinde neşir edildi.
“Günorta Russiýa boýunça syýahat” atly eser Žak Fransua Gamba (1763–1833) tarapyndan ýazylypdyr. Ol şol döwürde Russiýa imperiýasynyň düzüminde bolan Gürjüstandaky ilkinji fransuz konsulydy.
XIX asyryň başlarynda Abhaziýadaky Suhumi galasynyň görnüşi. Bu taryhy ýadygärlik häzir harabalyga öwrülipdir.
Syýahatçy we söwdagär Gamba Gürjüstan hem-de Kawkaz boýunça eden saparlary baradaky ýazgylaryny ilkinji gezek 1824-1826-njy ýyllarda Fransiýada iki tom görnüşinde çap etdiripdir. Neşire kartalardan we suratlandyrmalardan ybarat aýratyn albom hem goşulypdyr.
Albomyň içindäki eskizleriň awtorlary görkezilmändir, emma olaryň köpüsini fransuz-rus syýahatçysy we suratkeşi Žan-Mari Şopeniň çekendigi çak edilýär.
Goriniň golaýyndaky Surami galasynyň eskizi.
Surami galasy, 2004-nji ýyl.
Gamba XIX asyryň başlarynda Russiýa imperiýasyna iki gezek sapar edipdir. Onuň esasy maksady Pariž üçin mümkin bolan söwda mümkinçiliklerini öwrenmek bolupdyr.
“Gamba bu ýerden diňe geçip giden syýahatçy däldi” diýip, fransuz awtorynyň bu meşhur eseriniň gürji dilindäki neşirini çap eden Sulhan Saladze 24-nji sentýabrda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugyna aýtdy. “Ol Tbiliside uzak wagt ýaşady. Şonuň netijesinde şäheriň janly gündelik durmuşyny şeýle giňden synlap bildi. Bu durmuş [XVIII asyr patyşasy] Irakliý II döwründen bäri kän üýtgemändi”.
Tbiliside tans edýän zenanlar suratlandyrylypdyr.
“Onuň [Kawkaza] eden syýahaty şol döwürde Fransiýanyň bu sebitde nähili gyzyklanmalarynyň bolandygyny, şeýle hem ähli zat fransuzlaryň göz öňüne getirişi ýaly amala aşan bolsa, fransuz maýasynyň Tbilisä gelmeginiň nähili netijelere getirip biljekdigini görkezýär” diýip, Saladze aýdýar.
“Emma Gambanyň diplomatik missiýasy döwründe Russiýa imperiýasy eýýäm bu ýerde agalyk edýän güýje öwrülip barýardy. Esasy oýunçy şolardy we ähli başlangyçlaryň öňüni aldylar” diýip, neşirçi belleýär.
Mingreliýa sebitinden üzüm satyjy.
Gambanyň wezipesi sebitiň ykdysady durmuşyny we söwdany ösdürmegiň mümkinçiliklerini beýan etmekdi. Emma onuň hasabatlarynda bu çäklerden has giň meseleler gozgalyp, sebitiň taryhy we medeniýeti, şeýle hem Tbilisiniň geljekki mümkinçilikleri fransuz okyjylaryna ýetirilipdir.
“Bu ýerdäki söwda öz doly mümkinçiliklerine ýetende, Samarkantdan, Tibetden we Hytaýyň serhetlerinden gelýän [özbekler] Tbilisiniň bazarlarynda Lahordan we Gujaratdan gelen hindi söwdagärleri bilen duşuşarlar”.
Tbilisiniň günorta depelerinden şäheriň görnüşi: çepde Narikala galasy, aşakda bolsa Kura derýasy görünýär.
Tbilisiniň 2021-nji ýyldaky görnüşi.
“Wagtal-wagtal Parižden gelen söwdagärler, Sankt-Peterburgdan gelen çaparlary, Konstantinopoldan gelen täjirler, Kalkuttadan we Madrasdan gelen iňlisler, şeýle hem Smirnadan we Ýezdden gelen ermeniler hem-de Buharadan gelen özbekler Tbilisä şol bir wagtda gelip ýetýärler” diýip, Gamba belläpdir. “Şonuň üçin bu şäheri Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky möhüm bir nokat hökmünde görmek bolýar”.
Gamba 1833-nji ýylda Tbiliside aradan çykypdyr, emma onuň nirede jaýlanandygy belli däl.
Bu makakalany taýýarlamaga Amos Çappl we Sindre Langmoen hem goşant goşdy.