"Täze ýyla çenli köp mesele çözülip bilner." Zelenski ýakynda Tramp bilen duşuşjakdygyny aýdýar

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski ýakyn wagtda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşjakdygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Rustem Umerow oňa amerikan tarapy bilen bolan nobatdaky duşuşyklary barada hasabat berdi.

"Biz bir günümizi hem ýitirmeýäris. Biz ýakyn wagtda iň ýokary derejede, prezident Tramp bilen duşuşmak barada ylalaşyga geldik. Täze ýyla çenli köp zat kesgitlenip bilner" diýip, ukrain lideri ýazdy.