TH: Özbegistan Türkmenistan bilen aradaky geçelgäniň işini dikeltdi

Türkmen-özbek serhedindäki geçelge

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-geçiriş nokadynyň işini dikeltdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Farap-Alat awtoulag geçelgesi 20-nji noýabrda, sebitde çalt depginde ýaýraýan ORBI epidemiýasy sebäpli, Özbegistan tarapyndan ýapylypdy.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, Özbegistan 10-njy dekabrda näsag garyndaşlaryny soramak isleýän ýa-da ýas çärelerine, adam jaýlamaga gatnaşjak türkmenistanlylaryň ýurda girmegine rugsat berdi, 16-njy dekabrdan başlap bolsa, beýleki türkmen raýatlarynyň hem goňşy ýurda barmak mümkinçiligi gaýtadan açyldy.

Özbegistanyň Aşgabatdaky konsullygy Türkmenistan bilen araçäkde, Daşoguz we Lebap sebitlerinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň goňşy ýurtdaky garyndaşlaryna baryp görmekleri we söwda etmekleri üçin 90 güne çenli wiza almagyna mümkinçilik döredýär.