Tramp ABŞ-nyň Eýran meselesinde Hytaýyň kömegine mätäç däldigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýa ugramazyndan öň Ak tamda žurnalistler bilen gürleşýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaý prezidentiniň Eýran urşy boýunça “degişlilikde gowy” pozisiýa eýeländigini, emma Waşingtonyň onuň kömegine mätäç däldigini aýtdy.

Hytaýa saparynyň öňüsyrasynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Tramp: “Meniň pikirimçe, Eýran meselesinde bize hiç hili kömek gerek däl. Biz bu meselede bir ýa-da beýleki ýol bilen ýeňeris. Biz parahatçylykly ýol bilen ýa-da başgaça ýeňeris” diýdi.

Ol Hytaýda Si Szinpin bilen Eýran meselesi boýunça “uzyn söhbetdeşlik” geçirmegi meýilleşdirýändigini hem aýtdy. Tramp Hytaý liderini “dost” we “biziň oňuşýan adamymyz” diýip häsiýetlendirdi.

Tramp 13-nji maýyň agşamynda Hytaýa barar we 14-15-nji maýda Si bilen iki günlük gepleşikler we köpçüligiň öňündäki çykyşlar geçirer. ABŞ prezidenti soňky gezek Hytaýa 2017-nji ýylda sapar edipdi.

Tramp Eýranyň urşy bes etmek boýunça ylalaşyk üçin soňky teklibini “doly kabul ederliksiz” we “örän gowşak” diýip atlandyryp, ony ret etdi.

ABŞ prezidentiniň Hytaýa sapary ilki mart aýyna meýilleşdirilipdi, emma Eýran urşy sebäpli yza süýşürilipdi.