Tramp ABŞ-nyň "harby taýdan ýa-da kagyz ýüzünde" ýeňjekdigini aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda žurnalistler bilen söhbetdeşlik geçirýär. 4-nji iýun, 2026.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähran bilen durnuksyz gepleşikleri nazarda tutup, Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen aradaky çaknyşykda "harby taýdan ýa-da kagyz ýüzünde" üstün çykjakdygyny aýtdy we "ylalaşyk baglaşmaga gezek gelse", Eýranyň köpçülikde görünmeýän ýokary lideri bilen duşuşyp biljekdigini aýtdy.

“Biz bir ugurda ýa-da beýleki ugurda ýeňeris” diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistlere aýtdy.

“Bu harby taýdan ýa-da kagyz ýüzünde bolar”.

Şeýle-de, Tramp Eýranyň ýokary lideri Mojtaba Hamenei bilen duşuşmak isleginiň ýokdugyny aýtdy. Mojtaba Hamenei 28-nji fewralda bolan zorlukly wakalar başlanaly köpçülikde bäri görünmedi we onuň ABŞ bilen Ysraýylyň gurnan howa hüjümlerinde agyr ýaralanandygy aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, eger-de iki tarap ylalaşyga gelse, Tramp iki lideriň duşuşmagynyň mümkindigini belläp, şeýle diýdi: "Eger şeýle bolsa... onuň bilen duşuşmak meniň üçin hormat bolardy" diýip, Tramp aýtdy.

"Men duşuşmak islemeýärin, ýöne, eger-de men duşuşsam, onuň bilen duşuşyga hormat goýardym" diýip, Tramp aýtdy.

"Emma ylalaşyk baglaşsak, onuň bilen duşuşmagym mümkin. Men muňa razy bolardym".

Tramp 3-nji iýunda Hameneýiniň gepleşiklere "gürrüňsiz, gatnaşýandygyny" aýtdy, döwlet sekretary Marko Rubio bir gün öň "onuň [gepleşiklere] belli bir derejede barha köp gatnaşýandygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny" aýtdy.

Tramp: ABŞ Harby operasiýalary täzeden başlap biler

Şeýle-de Tramp, häzirki ýaraşyk möhletiniň dowamynda, Eýran hüjümlerinde amerikan esgerleri öldürilen halatynda, ABŞ güýçleriniň operasiýalaryny täzeden başlajakdygyny aýtdy.

Tähran bilen ABŞ soňky günlerde bir-birege garşy käbir howa hüjümlerini etdi, Eýranyň soňky, 3-nji iýunda Kuweýtiň halkara aeroportuna eden hüjümleri bir adamyň ölümine we 63 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Tramp 4-nji iýunda Ak Tamda žurnalistleriň öňünde bir topar temadan, şol sanda Ukrainadaky uruş, Kuba we global söwda meseleleri boýunça çykyş etdi.

Degişli maglumat

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň togtadylandygy baradaky habarlary ret edýär

Ýakyn Gündogardaky yrga ýaraşyk we bir kesilip, bir başlanýan parahatçylyk gepleşikleriniň arasynda, Eýranyň baýlaşdyrylan uran goruny ýurtdan çykarmak üçin, Tramp ABŞ-nyň Tähran bilen ylalaşyga mätäç däldigini aýtdy.

"Biz ony edil häzir hem alyp bileris. Eger-de biz islesek, olar bizi saklap biler diýip pikir etmeýärin, ýöne munuň üçin hiç hili sebäp ýok. Ol gömlen" diýip, ol žurnalistlere ýadro ýaragyny ýasamak üçin ulanylyp bilinjek materiallary nazarda tutup aýtdy.

Tramp uranyň gözegçilik astyndadygyny öňe sürdi. "Bizde kameralar bar" diýip, ol anyklaşdyrman aýtdy.

Eýranyň ýokary lideriniň geňeşçisi Mohsen Rezaei urşy soňlamak üçin ara alnyp maslahatlaşylýan özara düşünişmek jarnamasynyň häzirki taslamasynda aýdyňlaşdyrylmaly düşnüksizlikleriň bardygyny aýtdy.

Ol Trampyň öz şertlerini kabul etdirmek we Tähranyň şertlerini gowuşgunsyz ýagdaýda saklamak üçin, eýran tarapyna basyş etmäge synanyşýandygyny öňe sürdi.

Liwandaky zorlukly hereketler arasynda ilerleme barmy?

Şeýle-de, Tramp Ysraýyl bilen Liwan arasynda ilerleme edilýändigine ynanýandygyny we Liwanyň parahatçylykda ýaşamaga mynasypdygyny we "bu barada Hizbulla bilen hakykatdanam gürleşendigini" aýtdy.

Eýran goldawyndaky söweşiji topar we syýasy partiýa bolan Hizbolla günorta Liwanyň köp bölegini gözegçilikde saklaýar we ABŞ tarapyndan terrorçylyk guramasy hasaplanýar, Ýewropa Bileleşigi bolsa, syýasy şahasyny däl-de, onuň ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy.

Tramp 1-nji iýunda Hizbolla bilen gürleşendigini aýtdy, ýöne soň Ak Tamyň eden aýdyňlaşdyrmasynda onuň araçylar arkaly gürleşendigi bellendi.

Hizbollanyň terrorçy topar diýlip kesgitlenmegi sebäpli, ABŞ-nyň hiç bir prezidenti öň bu topar bilen gönüden-göni ýa-da araçylar arkaly gürleşendigini aýtmandy.

Hizbolla 4-nji iýunda Liwandaky täze ýaraşygy ret etdi we Ysraýyl bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmajakdygyny aýtdy. Eýran bilen baglaşmaly giň parahatçylyk ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde, bu ýagdaý ABŞ-nyň söweşi soňlamak baradaky tagallalaryna zyýan ýetirdi. Hizbolla ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Liwan hökümetiniň gatnaşmagynda guralýan gepleşiklere gönüden-göni gatnaşmady.

Tramp žurnalistlere Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen hem gürleşendigini aýtdy we şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, öňegidişlik gazanyldy. Düşünýäňizmi, bu uzak wagt bäri dowam edýär."

“Liwanda biraz parahatçylyk bolsa, bu örän gowy bolardy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. “Liwan köp ýyl bäri hüjüm astynda we hemişe kyn ýagdaýda bolýar, eger-de bu hakykatdan hem soňlansa, örän gowy bolardy”.

Waşington bilen parahatçylyk ylalaşygynyň şertleriniň biri hökmünde, Tähran Liwandaky ýaraşygy hem şert edip goýdy. Eger-de Ysraýyl güýçleri ol ýerdäki ýowuz hüjümlerini dowam etdirse, Eýran bu meselä gönüden-göni goşulyp biljekdigini ýaňzytdy.