Tramp ABŞ-nyň Hormuz bogazyndan gämileri geçirmek operasiýasyny wagtlaýyn togtadjakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda biznes ýygnagyna gatnaşýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hormuz bogazyndan gämileri geçirmek üçin "Erkinlik taslamasy" atly operasiýanyň "Eýranyň wekilleri bilen doly we gutarnykly ylalaşyga tarap ... uly öňegidişlik gazanandan soň" "gysga wagtlyk togtadyljakdygyny" yglan etdi.

6-njy maýda "Truth Social" saýtynda ýerleşdirilen ýazgyda Tramp bu kararyň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşiklere araçylyk edýän Pakistanyň haýyşy boýunça "Ylalaşygyň tamamlanyp, gol çekilip bilinjekdigini ýa-da çekilmejekdigini görmek üçin" kabul edilendigini aýtdy.

ABŞ Hormuz bogazyndan geçýän söwda gatnawyny dikeltmek üçin "Erkinlik taslamasy" atly plana başlady, Eýran tarapyndan ýoluň petiklenmegi müňlerçe gäminiň bogazyň iki tarapynda hepdeläp galmagyna sebäp boldy we dünýä ykdysadyýetine täsir etdi.

Eýran ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda başlanan harby kampaniýasyna jogap hökmünde bogazdan razylygy bolmazdan geçmäge synanyşan islendik gämini nyşana almak bilen haýbat atyp, möhüm suw ýoly arkaly geçýän tranziti bloklady.

Trampyň bu beýanaty ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň Eýrana garşy "Epiki gazap" atly harby kampaniýasynyň tamamlanandygyny yglan eden metbugat ýygnagynyň yzy bilen çap boldy.

Birnäçe sagat öň, Goranmak ministri Pit Hegset, Eýranyň Birleşen Arap Emirliklerine raketa atmagyna we ABŞ-nyň harby güýçleriniň 4-nji maýda alty sany Eýranyň kiçi gämisini batyrmagyna garamazdan, ABŞ-nyň Eýran bilen atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygynyň güýjünde galýandygyny aýtdy.

Hegsetiň 5-nji maýda Pentagonyň metbugat maslahatynda çykyş edeninden köp wagt geçmänkä, ABŞ-nyň Pars aýlagy sebitindäki esasy ýarany bolan Birleşen Arap Emirlikleri Eýranyň raketalarynyň ýene bir gezek atylýandygyny habar berdi. Zyýan ýa-da ýaralanma barada dessine maglumat berilmedi.

Bu atyşygyň dowam etmegi, takmynan bir aý mundan ozal yglan edilen hüjümleriň togtadylmagy boýunça ylalaşygyň bozulmagy baradaky aladalanmalary güýçlendirdi we Tähranyň, şeýle hem ABŞ-nyň we Ysraýylyň güýçleriniň giň derejeli söweşleri dowam etdirmegi baradaky howatyrlanmalary döretdi.

ABŞ-nyň deňiz güýçleri Eýranyň deňiz ýoly bolan Hormuz bogazyny ýapmagy netijesinde Pars aýlagynda gabalan käbir söwda gämilerini gorag astynda geçirmek işine başladylar.

ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset (çepde) Birleşen Ştab Başlyklarynyň ýolbaşçysy general Den Keýn bilen bilelikde çykyş edýär.

Pentagonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Hegset operasiýanyň diňe "wagtlaýyn çözgüt" bolandygyny aýtdy we ol ýene-de Eýranyň blokadasyny bes etmegini talap etdi.

ABŞ-nyň harby gämileri hem gapma-garşylygyň çäginde Eýranyň portlaryny ýapýar.

"Eýranyň bigünä ýurtlary we olaryň harytlaryny halkara suw ýolundan gabamagyna rugsat berilmeli däl" diýip, Hegset žurnalistlere aýtdy.

Eýranlylar "bogaza gözegçilik edýändiklerini aýtdylar. Olar gözegçilik etmeýärler" diýip, Hegset aýtdy.

'Ot atyşygy bes etmegiň möhleti gutarmady'

Ot atyşygy bes etmek barada soralanda, Hegseth şeýle diýdi: "Ot atyşygy bes etmegiň möhleti gutarmady".

"Biz goranjakdygymyzy we agressiw goranjakdygymyzy aýtdyk we şeýle hem etdik. Eýran muny bilýär we ahyrsoňy prezident bar zadyň ot atyşygy bes etmegiň möhletiniň bozmagyna öwrülip biljekdigi barada karar kabul edip biler" - diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň Bilelikdäki Ştab Baştutanlarynyň ýolbaşçysy general Den Keýn Eýranyň 8-nji aprelde ot atyşygyň bes edilmeginden bäri ABŞ-nyň güýçlerine "10 gezekden gowrak" hüjüm edendigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, onuň aýtmagyna görä, bu "uly söweş operasiýalaryny täzeden başlamak üçin çäkden geçmedi".

1550-den gowrak söwda gämisindäki takmynan 22 500 deňizçi Pars aýlagynda galyp, bogazdan geçip bilmedi diýip, Keýn aýtdy.

Reuters agentliginiň habary esasynda taýýarlandy.