ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 6-njy awgustda Eýran bilen urşuň ýakyn wagtda tamamlanyp biljekdigine ynanýandygyny aýtdy. Ol şol bir wagtyň özünde Hormuz bogazyny gaýtadan açmak boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini hem mälim etdi.
Ak tamda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Tramp, öz pikirine görä, Eýranyň bu çaknyşygy has uzak wagt dowam etdirmäge güýjüniň ýetmejekdigini aýtdy.
«Meniň pikirimçe, bu ýakyn wagtda tamamlanar. Olaryň has uzak wagt dowam edip biljekdigine ynanamok» diýip, Tramp Eýrany göz öňünde tutup aýtdy.
Trampyň bu sözleri Eýran bilen Omanyň Hormuz bogazyny gaýtadan açmak boýunça teklip edilýän ylalaşygyň üstünde işleýän mahalyna gabat geldi. Emma ylalaşygyň birnäçe möhüm jikme-jigi henizem çözülmän galýar. Reuters 5-nji awgustda teklip edilýän ylalaşygyň Eýrana bogaz arkaly gelýän deňiz gatnawyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berip biljekdigini habar berdi. Şol bir wagtda, tölegler we bogazdan çykýan gämi gatnawynyň dolandyrylmagy ýaly meseleler boýunça gepleşikler dowam edýär.
Birleşen Ştatlar bogazdan geçmegiň alternatiw ýoly hökmünde Omanyň suwlary arkaly geçýän günorta deňiz ýoluny öňe sürdi. Bu ýol merkezi geçelgäniň deňiz minalarynyň bardygy baradaky habarlar sebäpli howply hasaplanmagyndan soň döredildi.
ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana zarba urup başlady we çaknyşyk bäş aýdan gowrak wagt bäri dowam edýär. Eýran Hormuz bogazynda we onuň töwereginde täjirçilik gämilerine, şol sanda Omanyň suwlary arkaly geçýän günorta ýoluny ulanýan gämilere birnäçe gezek hüjüm etdi.
Tramp ABŞ harbylarynyň käbir görnüşli ok-därileriň ýetmezçiligini başdan geçirýändigini hem boýun aldy.
ABŞ-nyň ok-däri ätiýaçlyklarynyň ýagdaýy barada soralanda, Tramp käbir ýaraglaryň tas çäksiz möçberde bardygyny, beýlekileriniň ätiýaçlygynyň bolsa has çäklidigini aýtdy.
«Bizde örän güýçli käbir görnüşli ok-däriler bar we olaryň ätiýaçlygy çäksiz, tas çäksiz. Beýleki görnüşleri boýunça bolsa ýagdaý birneme dartgynly» diýip, Tramp aýtdy.
Tramp ABŞ-nyň goranyş kompaniýalarynyň goşmaça önümçilik desgalaryny, şol sanda Patriot we Tomahawk raketalaryny öndürýän täze zawodlary gurýandygyny aýtdy.
Onuň bu sözleri Reuters agentliginiň 4-nji awgustda çap eden habarynyň yz ýanyndan aýdyldy. Habarda ABŞ goşunynyň Eýran bilen urşuň dowamynda ýokary takyklykly we uzak aralyga niýetlenen raketalarynyň dünýädäki ätiýaçlygynyň uly bölegini sarp edendigi aýdylýar. Olaryň arasynda Army Tactical Missile Systems — ATACMS hem-de Precision Strike Missiles — PrSM raketalary bar. Iki çeşme Reuters agentligine harbylaryň bu ýaraglaryň «tas ählisini» ulanandygyny aýtdy.