Tramp Eýrany çaltrak parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga çagyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 26-njy martda Eýrany çaltrak parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga çagyrdy. Onuň “TruthSocial” sosial media platformasynda ýazan sözlerine görä, bolmasa "yza gaýtmaga ýol bolmaz" we Birleşen Ştatlar Eýrana garşy urýan zarbalaryny güýçlendirer.

Tramp Eýran wekilleriniň hereketlerine geň galandygyny aýdyp, olary "geň-taň" diýip atlandyrdy. Trampyň sözlerine görä, olar “ýalbaryp”, Birleşen Ştatlardan ylalaşyga gelmegi soraýarlar, ýöne açyk gürrüň edenlerinde başgaça gürläp, diňe Amerikanyň tekliplerini öwrenýändiklerini öňe sürýärler. "Nädogry! Gaty giç bolmanka, olara çynlakaý bolmagyň wagty geldi" diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti hepdäniň birinji gün Eýran bilen aradaky harby çaknyşygy soňlamak üçin gepleşik geçirilýändigini yglan etdi. Tramp ýakyn wagtda ylalaşyga gelinjekdigine umyt bildirdi we, ýadro programmasyndan el çekmek bilen birlikde, Eýranyň möhüm ylalaşyklara gelmäge taýýardygyny aýtdy. ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, Eýran harby taýdan doly ýeňildi we "ylalaşyk" baglaşmak onuň iň gowy mümkinçiligi bolup durýar.

Eýran diňe bir ABŞ-nyň talaplaryna razydygyny däl, eýsem gepleşik geçirilýändigini hem inkär edýär.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ABŞ-nyň teklipleriniň araçylar arkaly Eýrana ýetirilendigini we Eýranyň jogap berendigini boýun aldy, ýöne ol bu teklipleri gepleşik diýip atlandyryp bolmajakdygyny aýtdy.