Tramp Hormuz bogazyndaky dartgynlyk fonunda gämi gatnawyna ýetirilen zyýanyň öwezini Eýranyň aktiwlerinden dolmak bilen haýbat atdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hormuz bogazynda dartgynlygyň dowam edýän mahaly gämilere ýa-da ýüklere ýetirilen islendik zyýanyň Birleşen Ştatlaryň gözegçiligindäki Eýran aktiwleriniň hasabyna ödeljekdigini duýdurdy. Onuň sözleri Tähranyň dessine garşylyk bildirmegine sebäp boldy.

“Şu pursatdan başlap, gämilere, ýüklere ýa-da olar bilen baglanyşykly islendik zada ýetirilen ähli zyýanyň öwezi Birleşen Ştatlaryň ygtyýaryndaky we gözegçiligindäki Eýran serişdeleriniň hasabyna dolunar” diýip, Tramp 24-nji iýulda Truth Social platformasynda ýazdy.

Tähran Trampyň sözlerini ýazgardy. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bu teklibi “dartgynlylygy tutaşdyryp biljek karar” diýip atlandyrdy.

“Başga bir döwletiň aktiwlerini oňa dahylsyz, geljekde bildirilmegi mümkin talaplaryň öwezini dolmak üçin elinden almak dartgynlylygy tutaşdyryp biljek karardyr” diýip, Arakçi X platformasyndaky ýazgysynda aýtdy.

Ol “şeýle serişdeleriň ulanylmagyny gutlaýan ýa-da olardan peýda gazanýanlar şuny ýatda saklamaly: hökümetler emläkleri muzdsuz elden almagy adaty ýagdaýa öwüren badyna hiç kimiň aktiwleri howpsuz bolmaz” diýip duýdurdy. Arakçi munuň netijesinde dörejek “bulam-bujarlygyň ne ýakymly, ne-de parahat boljakdygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) öz güýçleriniň Eýrana garşy yzly-yzyna 13-nji gije amala aşyrylan zarbalary tamamlandygyny aýtdy. Serkerdelik Hormuz bogazynyň deňiz gatnawy üçin açyk bolmagynda galýandygyny hem belledi.

“CENTCOM Eýranyň Hormuz bogazyndan geçýän raýat deňizçilerine we täjirçilik gämilerine salýan howpuny has-da azaltmak maksady bilen, onuň harby serkerdelik merkezlerini, dron saklanýan desgalaryny, aragatnaşyk ulgamlaryny, kenarýaka gözegçilik nokatlaryny hem-de harby-deňiz mümkinçiliklerini nyşana aldy” diýip, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi 24-nji iýulda X platformasynda çap eden ýazgysynda aýtdy.

“Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň soňky hüjümlerine garamazdan, bu halkara suw ýoly gatnaw üçin açyk bolmagynda galýar. Täjirçilik gämileri ABŞ harbylarynyň goldawy bilen bogazdan erkin geçmegini dowam etdirýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.