ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji sentýabrda Ýemeniň huthi gozgalaňçylarynyň Birleşen Ştatlar bilen bagly desgalara hüjüm etmezlige razy bolandygyny aýtdy diýip, Fox News-yň habarçysy prezidentiň sözlerine salgylanyp habar berdi. Bu beýanat Eýran bilen ýaranlykdaky ýaragly toparyň ABŞ-nyň ýarany Saud Arabystanyna garşy söweşlerini güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.
Tramp bilen ýygy-ýygydan söhbetdeş bolýan Fox News-yň habarçysy Treý Ýingst prezidentiň sözlerine salgylanyp, Waşingtonyň "huthiler bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandygyny we olaryň Birleşen Ştatlar bilen söweşmezlige razy bolandygyny" habar berdi.
Trampyň gozgalaňçy topara ABŞ-nyň mümkin bolan zarbalary babatda haýsydyr bir wada berendigi ýa-da bermändigi aýdylmady.
Trampyň bu sözleri onuň huthi gozgalaňçylary barada ozal aýdanlaryna gabat gelýär.
"Huthiler bize jaň etdiler, olar biziň bilen söweşmek islemeýärler" diýip, Tramp 12-nji sentýabrda Irlandiýa sapary wagtynda aýdypdy. "Olar biziň özlerine hüjüm etmegimizi islemeýärler".
Gozgalaňçylar soňky hepdelerde Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen we Saud Arabystanynyň goldaýan hökümetine garşy hüjüme girişdiler. Şeýle-de olar Saud Arabystanynyň çägine raketa we dron zarbalaryny güýçlendirdiler.
Şol bir wagtda, Fox News Trampyň Eýran boýunça "karar kabul etmek tapgyryndadygyny" habar berdi. Ýingstiň aýtmagyna görä, prezident oňa "ýakyn wagtda uly wakalaryň boljakdygyny", "eýranlylaryň özlerini oňat alyp barmalydygyny" we "olaryň ýurduny partlatmak ýa-da partlatmazlyk barada karar kabul edýändigini" aýdypdyr.
Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň güýçlenýän mahalynda Tramp dynç günlerini geçirýän Kemp-Deýwidden 19-njy sentýabrda duýdansyz möhletinden öň Ak tama gaýdyp geldi.
Tramp huthi gozgalaňçylarynyň ABŞ bilen söweşmezlige razy bolandygyny aýdýar
Ýemendäki zeper ýeten harby ulaglaryň ýanyna ýygnanan söweşijiler. Husilere degişli teleýaýlym bu ýerde hökümetçi güýçlere zarba urlandygyny habar berdi.