ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşendigini aýtdy we özüniň Ukrainadaky urşy soňlamakda "biz öňegidişlik edýäris" diýip ynanýandygyny belläp, Kiýewde ukrainalylaryň bu prosesden gyrada galdyrylýandygy baradaky gorky-howatyrlary döretdi.
9-njy fewralda, Howa güýçleriniň birinji uçarynda Täze Orleanda geçiriljek Super Bowl futbol kubogy ýaryşyna, Amerikanyň futbol çempionatynyň oýnuna tomaşa etmäge barýarka žurnalistler bilen gürleşen Tramp Putin bilen gürleşendigini aýtdy, ýöne bu söhbetdeşligiň 20-nji ýanwarda prezidentlige täzeden başlamazyndan öň bolandygyny ýa-da soň bolandygyny anyklaşdyrmakdan ýüz öwürdi.
“Men muny geçirdim. Geliň diňe meniň muny [Putin bilen söhbetdeşligi] geçirendigimi aýdalyň ...we men ýene-de köp gürleşeris diýip garaşýaryn. Biz bu urşuň soňlanmagyny gazanmaly" diýip, Tramp 9-njy fewralda aýtdy.
“Eger biz gürleşýän bolsak, men size ol söhbetdeşlikler hakynda aýtmak islämok. Men biziň öňegidişlik edýändigimize ynanýaryn. Biz Ukraina-Russiýa urşuny duruzmak isleýäris" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, ol öz administrasiýasynyň ukrain resmileri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy, ýöne anyk zat aýtmady.
"Biz iki tarap bilen hem gürleşýäris" diýip, prezident aýtdy.
Emma bu Kiýewde Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda Ukrainanyň gönüden-göni gatnaşmazlygynda geçirilmegi ähtimal gepleşikler baradaky aladany peseltmedi.
"Haçanda biz “Ukraina hakynda Ukrainasyz hiç bir zat" ýörelgesi barada aýdanymyzda, biziň Ukrainanyň gatnaşmazlygynda hiç bir kararyň kabul edilmeli däldigi barada gürrüň edýändigimize düşünmek möhüm" diýip, ukrain parlamentiniň agzasy we mejlisiň daşary gatnaşyklar we parlamentara gatnaşyklary komitetiniň başlygy Oleksandr Merežko AÝ/AR-nyň Ukrain gullugyna aýtdy.
"Putin gepleşik geçirmek islemeýär we ol Ukrainanyň ykbalyny Ukrainanyň gatnaşmazlygynda çözmek isleýär. Ol Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň Ukrainanyň ykbaly meselesinde ylalaşmagyna we Ukrainanyň Russiýanyň täsir meýdanynyň bir bölegine öwrülmegine umyt baglaýar" diýip, Merežko sözüniň üstüni ýetidi.
Kreml 10-njy fewralda bir gün ozal eden beýanatyny, Putin bilen Trampyň gürleşendigini ne tassyklap, ne-de inkär edip biljekdigini gaýtalady.
Trampyň aýdan sözleri 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Kremliň öz goňşusyna garşy başlan giň gerimli çozuşyndan bäri, iki tarapyň hem agyr ýitgi çekmegine sebäp bolan Russiýa-Ukraina urşy bilen baglanyşykly diplomatiýada möhüm bir hepde bolup biljek pursadyň öň ýanyna gabat geldi.
Ak tamyň Russiýa we Ukraina boýunça esasy wekili Kit Kellogyň 14-nji fewralda açylýan Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Bu maslahata ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D.Wansyň hem gatnaşmagyna we Zelenski bilen duşuşmagyna garaşylýar. Şeýle-de, Mýunhen maslahatyna d öwlet sekretary Marko Rubio we goranmak sekretary Pit Hegset gatnaşar.
Tramp bu urşy soňlamagy wada berdi, ýöne muny nädip etjekdigini köpçülige aýan etmedi.
Tram 8-nji fewralda “The New York Post” neşirinde çap edilen söhbetdeşlikde ilkinji gezek Putin bilen gürleşendigini aýtdy, ýöne bu söhbetdeşligiň haçan bolandygyny we beýleki jikme-jikliklerini anyklaşdyrmady.
Tramp şondan bir gün öň, 7-nji fewralda, ABŞ-nyň urşy soňlamak baradaky tagallalarynyň çäginde, özüniň Zelenski bilen hem duşuşmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Ol jikme-jiklik aýtmady, ýöne duşuşygyň Waşingtonda geçirilip bilinjekdigini, sebäbi özüniň "Kiýewe gitmejekdigini" aýtdy.
Zelenski Trampyň Putine urşy soňlamagy üçin basyş edip biljekdigine ynamlydygyny bildirdi.
7-nji fewralda Angliýanyň ITV teleýaýlymy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Zelenski Ukraina bilen Russiýanyň arasynda gepleşik geçirilmeginiň mümkindigini, ýöne munuň Günbatar Kiýewden ýüz öwürmedik ýagdaýynda mümkin boljakdygyny aýtdy.