ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de Tähran gürleşmek islese, “bize jaň edip biler” diýdi, ýöne ol bu ýurduň ýadro ýaragyny döretmek planlaryndan ýüz öwürmelidigini, ýogsam bu ýerde "duşuşmak üçin hiç bir sebäbiň ýokdugyny" hem sözüne goşdy.
Şu aralykda, Eýranyň daşary işler ministri we esasy gepleşikçi Abbas Arakçi Sankt-Peterburga sapara geldi. ABŞ bilen Eýranyň arasynda Pakistanyň araçylygynda geçirilmeli parahatçylyk gepleşikleriniň geljegi nämälim bolansoň, onuň 27-nji aprelde esasy ýaran, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.
"Eger olar gürleşmek isleseler, bize gelip ýa-da jaň edip bilerler. Bilşiňiz ýaly, bu ýerde telefon bar. Biziň gowy, howpsuz liniýalarymyz bar" diýip, Tramp 26-njy aprelde "Fox News" teleýaýlymyna aýtdy.
"Olar ylalaşykda nämeleriň bolmalydygyny bilýärler. Bu örän ýönekeý: Olar ýadro ýaragyny edinip bilmez; başgaça bolan ýagdaýynda, bu ýerde duşuşmaga sebäp ýok" diýip, Tramp aýtdy.
ABŞ we Ysraýyl Eýrany gizlinlikde ýadro ýaragyny edinmäge synanyşmakkda aýyplaýan hem bolsa, Tähran hemişe öz ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini aýdyp gelýär.
“Axios” 26-njy aprelde Tähranyň pakistanly araçylaryň üsti bilen işleýändigini, ABŞ-a Hormuz bogazynyň gaýtadan açylmagy we Eýran portlaryna ABŞ-nyň goýan gabawynyň aýrylmagy, ýöne Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleriň soň geçirilmegi barada täze teklip berendigini habar berdi.
Bu habar ady agzalmaýan ABŞ resmisine we bu meseleden habarly iki çeşmä salgylanyp berildi.