ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi indiki ýyl Maýamide geçiriljek G20 sammitine çagyrdy. Ol bu barada öz sosial media hasabynda, “Truth Socialda” habar berdi.
Ol Tokaýew we Mirziýoýew bilen geçiren telefon söhbetdeşligi wagtynda "dowam edýän gapma-garşylyklarda parahatçylygyň, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky söwdany we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşandygyny" habar berdi.
Tokaýewiň administrasiýasy Tramp bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň "dowamly" bolandygyny aýtdy.
Tokaýew, hususan-da, noýabr aýynda Waşingtona eden sapary we “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammiti mahalynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklady, “ukrain konfliktini çözmegiň çylşyrymlydygyny, bu meselde territorial meseläniň agalyk edýändigini we munuň “meýdandaky” hakyky ýagdaýy göz öňünde tutup, iki tarapyň hem eglişige gelmegini talap edýändigini” nygtady.
Özbegistanyň prezidentiniň web sahypasy Mirziýoýew bilen Trampyň söhbetdeşlik wagtynda iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we Özbegistan-Amerikan strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada maslahat edendigini habar berýär.