Tramp: Ukraina bilen Russiýa häzirki front liniýalarynda saklanmaly  

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Howa güýçleriniň Birinji uçarynda žurnalistler bilen gürleşýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Howa güýçleriniň Birinji uçarynda žurnalistlere Ukrainanyň we Russiýanyň häzirki front liniýalarynda saklanmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Tramp Zelenski bilen Donetsk sebitini tutuşlygyna Russiýa tabşyrmak barada "pikir alyşmady".

"Ýok, biz bu meseläni hiç haçan ara alyp maslahatlaşmadyk" diýip, ol "muny siz alyň, muny biz alýarys" görnüşindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň örän çylşyrymlydygyny hem sözüne goşdy.

Donbas meselesinde näme edilmelidigi soralanda, Tramp hemme zadyň "bolşy ýaly" galdyrylmalydygyny aýtdy:

"Soň olar öz aralarynda haýsydyr bir ylalaşyga gelip bilerler. Emma häzirlikçe konfliktiň iki tarapy hem front liniýasynda saklanmaly, öýli-öýlerine gitmeli, söweş hereketlerini bes etmeli, adamlary öldürmegi bes etmeli".