ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Müsüriň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Gaza zolagyndaky urşy bes etmek baradaky şertnama gol çekdi.
Tramp ylalaşyga Ysraýylyň araçysy hökmünde, prezident as-Sisi bolsa HAMAS toparynyň (ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen) adyndan gol çekdi.
Resminama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani hem gol çekdi.
Müsüriň prezident administrasiýasy Şarm el-Şeýh parahatçylyk sammitiniň wideosyny alyp görkezdi.
HAMAS biraz öň Gyzyl Haç guramasyna 20 zamuny gowşurdy (olar jemi 48 adamy zamunlykda saklaýardy, olaryň köpüsi wepat boldy).
Trampyň parahatçylyk meýilnamasyna laýyklykda, HAMAS zamun alnanlary boşadan ýagdaýynda Ysraýyl iki müňe golaý palestinaly tussagy boşatmalydy.
Mundan başga, HAMAS toparynyň ýaragsyzlanmagy, onuň agzalarynyň Gazadaky häkimiýetden aýrylmagy nazarda tutulýar.