Tramp we Zelenskiý Ženewa gepleşiklerinden öň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we onuň ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý geçen ýylyň oktýabr aýynda Waşingtonda duşuşdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 25-nji fewralda telefon arkaly gürleşdiler. Ženewada täzeden geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda diplomatik tagallalaryň güýçlenýän mahaly geçirilen söhbetdeşlik Ak Tam we Kiýew tarapyndan hem tassyklandy.

Bu telefon söhbetdeşligi 26-njy fewralda Şweýsariýada geçiriljek möhüm duşuşygyň başlangyjy bolup hyzmat edýär. Bu ýerde Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Rustem Umerowyň ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň geňeşçisi Jared Kuşner bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Ženewadaky gepleşikleriň Ukrainanyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin taýýarlanan bukja gönükdirilmegine, şeýle hem Russiýa bilen mart aýynda geçirilmegi mümkin üçtaraplaýyn sammit üçin esas döretmegine garaşylýar diýip, Ukrainanyň we ABŞ-nyň resmileri aýdýarlar.

Zelenskiý telefon söhbetdeşliginden soň sosial mediada paýlaşan maglumatynda gepleşige Trampyň wekilleriniň hem gatnaşandygyny we onda esasy ünsüň geljekki diplomatik gepleşikleriň güntertibine gönükdirilendigini mälim etdi.