Tramp Zelenskini Ukrainadaky parahatçylyk gepleşiklerini haýallatmakda aýyplady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainadaky urşy soňlamak üçin geçirilýän parahatçylyk gepleşikleriniň Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň pozisiýasy sebäpli uzaga çekýändigini aýtdy.

Tramp bu sözleri “Roýters” agentligi bilen söhbetdeşlikde, ABŞ-nyň araçylygynda geçirilen gepleşikleriň näme üçin henizem ylalaşyga getirmändigi baradaky soraga jogap berende aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, hamala, urşy soňlamaga taýýar, “Ukrainanyň bolsa ylalaşyk baglaşmak üçin taýýarlygy az”.

Şol bir wagtda, Tramp Zelenskiniň haýsy anyk hereketleriniň gepleşiklere päsgel berýändigini anyklaşdyrmady.