Tramp Tähran “dogry jogaplary” bermese, urşuň möwç alyp biljekdigini aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji maýda Eýranyň Waşingtonyň urşy bes etmäge gönükdirilen soňky teklibine berjek jogabyna “birnäçe gün” garaşmaga taýýardygyny aýtdy, ýöne Tähran “dogry jogaplary” bermese, ýagdaýyň çalt ýitileşip biljekdigini duýdurdy.

Konnektikut ştatynyň Nýu-London şäherinde harby kadetleriň uçurymlar toparynyň öňünde çykyş edeninden soň žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Tramp: “Maňa ynanyň, biz dogry jogaplary almasak, bu örän çalt bolar. Biz hemmämiz herekete geçmäge taýýar” diýdi.

Ondan näçe wagt garaşmaga taýýardygy soralanda, Tramp: “Bu birnäçe gün bolup biler, ýöne örän çalt hem bolup biler” diýip jogap berdi.

Şol gün irden ABŞ-nyň Kenarýaka gorag akademiýasynyň uçurymlar dabarasynda eden çykyşynda Tramp gepleşikler başa barmasa, Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy goşmaça zarbalary amala aşyryp biljekdigini aýtdy.

“Biz olara örän güýçli zarba urduk. Belki, olara has-da güýçli zarba urmaly bolarys — ýöne belki-de ýok” diýip, ol aýtdy we soňra administrasiýasynyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça pozisiýasyny gaýtalady. “Biz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol bermeris. Bu örän ýönekeý.”

Bu beýanatlar Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Tähranyň, habarlara görä, Pakistanyň içeri işler ministriniň Tährana saparynyň dowamynda pakistanly araçylar arkaly gowşurylan täze amerikan teklibini öwrenýändigini aýtmagyndan gysga wagt soň edildi.

Soňra Eýranyň yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy ABŞ-nyň gaýtadan hüjüm etmeginiň konflikti “sebitden daşary” giňeldip biljekdigini duýdurdy.