Türk saýlawlarynda oppozisiýa uly üstünlik gazandy

Saýlaw netijeleri şäher etraplaryndaky gözegçiligi ele almakçy bolan prezident Rejep Taýyp Erdogana uly urgy boldy.

Türkiýäniň esasy oppozisiýa partiýasy 31-nji martda geçirilen ýerli saýlawlarda esasy şäherlere gözegçiligini saklady we başga ýerlerde hem uly üstünlik gazandy. Bu şäher etraplaryndaky gözegçiligi ele almakçy bolan prezident Rejep Taýyp Erdogana uly urgy boldy.

Saýlaw gutularynyň 90 göteriminden gowragynydaky sesleriň sanalmagy Jemhuriýet halk partiýasynyň (CHP) wekiliniň, Stambulyň häzirki häkimi Ekrem Ymamoglunyň uly tapawut bilen öňde barýandygyny görkezdi.

Ankaranyň Jemhuriýet halk partiýasyndan bolan häkimi Mansur Ýawas, bäsdeşinden 25 utuk tapawudy bilen, öz ornuny saklady.

Umuman alanyňda, JHP tutuş ýurt boýunça 37 göterim ses aldy, prezident partiýasy bolsa 36 göterim goldaw aldy.