Türkiýe gazak raýatyny, Siriýadaky ýaragly topara goşulany üçin, deportasiýa etdi

Şübheli Siriýadaky toparyň hataryna 2020-nji ýylda goşulypdyr.

Türkiýe geçen dynç günleriniň dowamynda Gazagystanyň 22 ýaşly bir raýatyny Siriýada ýaragly jeňçileriň toparyna goşulmakda güman edip, ony Astana deportasiýa etdi. Bu barada 29-njy ýanwarda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk boýunça komiteti habar berdi.

Maglumata görä, şübheli Gazagystanyň günortasyndaky Turkistan şäherinde dogulypdyr we Siriýadaky toparyň hataryna 2020-nji ýylda goşulypdyr.

Munuň bilen ilteşikli başga goşmaça jikme-jik berilmedi.

Geçen ýylyň sentýabrynda Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinde başga 19 ýaşly bir oglan, meňzeş aýyplamalar esasynda, ýedi ýyl türmä höküm edilipdi.