2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede bolup geçen başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygy diňe ýurduň içki syýasatyny üýtgetmedi. Ondan soň başlanan giň gerimli tussag etmeler, işden çykarmalar we Gülen hereketine garşy kampaniýa beýleki ýurtlara-da ýaýrady. Bu täsir Türkmenistanda hem ýüzden gowrak adamyň tussag edilmegi, ýapyk kazyýet işleri we uzak möhletli türme jezalary bilen ýüze çykdy.
Türkiýedäki şowsuz agdarylyşyk synanyşygynyň Türkmenistana uzan täsirleri
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň Türkiýede başlanan giň gerimli çäreleriň täsiri Türkmenistana-da ýetdi. Ýüzden gowrak adam tussag edilip, onlarçasy uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.