Türkmen baş diplomaty Tokioda ýaponiýaly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň ýaponiýaly kärdeşi Ýoko Kamikawa bilen

23-nji ýanwarda Tokioda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň ýaponiýaly kärdeşi Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy.

Resmi maglumata görä, gepleşikleriň dowamynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşylypdyr.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi meseleleri kesgitlenilipdir.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň baş diplomatlarynyň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.