Türkmen baş diplomaty türkiýeli kärdeşi bilen telefonda gürleşdi

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan (arhiw suraty)

1-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň türkiýeli kärdeşi Hakan Fidan bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Resmi maglumata görä, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň “birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy”.

Gepleşiklerde mundan başga-da “syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna seredilip geçilendigi” bellenilýär.