Ýekaterinburgdaky mugallymçylyk isntitutynyň umumy ýaşaýyş jaýynda 22 ýaşly Akbibiniň jesedi tapyldy, ol Urala Türkmenistandan himiýa we biologiýa fakultetinde okamaga gelipdir diýip, rus metbugaty habar berýär.
Okuwa gelmänsoň, dostlary alada bildirip, gyzy gözläp başladylar.
E1.RU neşiriniň maglumatyna görä, ýaş gyzyň öz janyna kast eden bolmagy hem mümkin. "Ol otagyny içinden gulplapdyr we gapy kakylanda açmandyr. Bu waka 3-nji umumy ýaşaýyş jaýynda boldy. Otagyň gapysyny açmak üçin polisiýa çagyryldy we ol şol ýerden tapyldy” diýip neşiriň çeşmesi aýtdy.
Ýekaterinburgdaky türkmen diasporasynyň wekili Alişer Matkurbatow gyzyň bu ýerde ýeke ýaşandygyny aýtdy.
Diaspora wekilleri häzir gyzyň jesedini Türkmenistandaky garyndaşlaryna ibermek bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgul diýip, habarda aýdylýar.