Türkmen hokkeýçileri Bişkekdäki dünýä çempionatynda gyrgyz toparyndan ýeňildi

Türkmen hokkeýçileri (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri Bişkekde geçirilýän şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň “A” toparçasynyň oýunlarynda, Gyrgyzystanyň komandasyndan 7:5 hasap bilen ýeňildiler.

13-nji martda çempionatyň “A” toparçasynyň üçünji tapgyr oýunlary geçirildi.

Çempionatda ikinji diwiziýonyň “B” toparçasyna ýollanma almak üçin alty topar, ýagny Gyrgyzystan, Lýuksemburg, Meksika, Taýland, Türkmenistan we Günorta Afrika bäsleşýär.

Üç tapgyryň netijeleri boýunça Türkmenistan 3 baly bilen turnir tablisasynda bäşinji orunda ýer aldy. Birinji orunda 9 baly bilen Taýland, ikinji ýerde 6 baly bilen Gyrgyzystan, soňra bäş bal bilen Lýuksemburg we üç bal bilen Günorta Afrika gelýär.

Bişkekde geçýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 20 hokkeýçi oýnaýar, olaryň 18-si Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparyndan, 2-si Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň “Şir” toparyndandyr.