“Türkmen howaýollary” ýene iki sany Boeing 777 uçaryny satyn aldy

Bezeg suraty

“Türkmen howaýollary” ulanylan uçarlaryň bazaryndan iki sany Boeing 777-300ER uçaryny satyn aldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” Gollandiýanyň konsalting kompaniýasyna, söwdada araçylyk eden SGI Awiasiýa salgylanyp habar berdi.

“Planespotters” web sahypasynyň maglumatyna görä, 11 ýyl ulanylan uçarlar ozal Hoňkoňda ýerleşýän “Cathay Pacific” uçar kompaniýasyna degişli bolup, başda ýolagçy uçary bolan bolsa, 2019-20-nji ýyllarda ýük daşamak üçin üýtgedilip gurlupdyr.

Habarda “Flightradar24” neşrine salgylanyp habar berilmegine görä, Türkmen howaýollary” kompaniýasynda häzir Boeing-777 ýolagçy uçarlarynyň üç sanysy bar.

“Türkmen howaýollary” soňky ýyllarda ýük gatnawlaryna kän üns berýär.