Türkmen prezidenti Bişkekde gyrgyz kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparyna baryp, gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparyna baryp, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda boldy, türkmen we gyrgyz prezidentleri global we sebit syýasatynyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar diýip, TDH anyklaşdyrman habar berýär.

"Biznes Türkmenistan" neşiriniň ýazmagyna görä, GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 13-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky mejlisine Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri hem gatnaşarlar.