Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefonda gürleşip, "Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini" aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdylar.
3-nji ýanwarda, 2020-nji ýylda ABŞ drony bilen Yrakda öldürilen öňki baş serkerde Kassem Suleýmaniniň Kerman şäherinde guralan ýatlama çäresine gelen adamlaryň 100-e golaýy näbelli adamlar tarapyndan partladylan bombalaryň pidasy boldy.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" topary öz üstüne aldy.
YD 4-nji ýanwarda öz iki agzasynyň günorta-gündogar şäherdäki gonamçylyga ýygnanan mähelläniň içine baryp, öz billerine guşanan partlaýjyly guşaklaryny partladandygyny aýtdy.
Türkmen metbugatynyň habarynda bu hüjüm barada hiç bir anyk zat aýdylmaýar.