Türkmen prezidenti rus kärdeşini gutlady

Serdar Berdimuhamedow rus prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

Şeýle-de, TDH türkmen we rus prezidentleriniň telefonda gürleşendigini habar berdi.

Berdimuhamedow Putine türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, rus prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda türkmen prezidentiniň uly goşandyny belledi.

Berdimuhamedow telefon söhbetdeşliginiň dowamynda rus kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy.