Türkmen prezidenti rus wise-premýeri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Berdimuhamedow myhmana Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär, hyzmatdaşlykda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär diýip, habarda aýdylýar.

Aşgabatda A.S. Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň başlangyç synplary üçin guruljak täze mekdep binasynyň 2027-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýär diýip, TASS Marat Husnulline salgylanyp ýazýar.

“Türkmenportal” neşiriniň söwda boýunça wise-premýer Nökerguly Atagulyýwwiň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanda rus dilinde sapak berýän onlarça mekdep bar, Russiýanyň ÝOJ-larynda 56 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar.