Türkmen wekilieýti Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-i 14-nji fewralda habar berdi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylyk edendigi bellenilýär.
Duşuşykd durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda Owganystandaky howpsuzlyk pudagynda alnyp barylýan işler barada pikir aşyldy.
Bu formatdaky duşuşygyň dördünji tapgyry 2023-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Aşgabatda geçirildi.
Bu duşuşyk Kataryň paýtagty Dohada meýilleşdirilýän çäräniň öňüsyrasynda geçirilýär.
Mejlisiň çäginde türkmen wekiliýetiniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala, BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşandygy aýdylýar.