“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny açar

Bezeg suraty

“Türkmenhowaýollary” şu ýylyň awgustyndan başlap, Saud Arabystanynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” agentligiň öz habaryna salgylanyp ýazýar.

Bu howa gatnawlary hepdäniň çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, bu karar müşderileriň isleginiň artýandygy sebäpli, şeýle-de halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek, üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Degişli maglumat Türkmen aeroportlaryndaky durgunlygyň arasynda, resmiler raýat awiasiýasynyň ösdürilýändigini aýdýar