Türkmenistan awgustda Russiýadan 12 müň tonnadan gowrak tohumlyk bugdaý aldy

Bugdaý ekişi. Arhiw syuraty

Awgust aýynda Türkmenistana Russiýadan 12 müň tonnadan gowrak tohumlyk bugdaý getirildi. “Türkmenportal” neşiriniň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Russiýanyň Astrahan oblastyndan getirilýän bugdaý önümlerini dowamly kabul edýär.

Habarda bellenmegine görä, Türkmenistan güýzlük bugdaýyň iň ýokarky bäşligine giren “Bezostaýa 100” we “Alekseýiç” görnüşli tohumlyk bugdaýlary import edýär.

Bugdaý önümleri milli söwda flotunyň “Magtymguly”, “Türkmenistan” we “Balkan” gury ýük gämileriniň kömegi bilen daşalýar.

Degişli maglumat Ahalyň ýaşaýjylary un we çörek satyn almak üçin Aşgabada barýar, paýtagtda bahalar gymmatlaýar