Türkmenistan başkyrt ununy satyn alýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow öňki prezidentiň metbugatda alyp baran 'bol hasyl' wagyzlaryny dowam etdirýär.

Başkyrdystanyň Sibaý şäherindäki MKHP Sitno kärhanasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý we çowdary ununy eksport etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Mundan öň neşir Gazagystanyň geçen ýyl Türkmenistana eksport eden bugdaýynyň 2022-nji ýyldakysyndan 76,5% köp bolandygyny habar beripdi.

Rosselnadzoryň Başkyrdystandaky edarasynyň 24-nji ýanwardaky maglumatyna salgylanyp berlen habarda iberilen un ýükleriniň degişli gözegçilikden geçirilendigi, olaryň Türkmenistanyň talaplaryny ödeýändigi aýdylýar.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolaly bäri özüni un bilen üpjün etmek tagallalaryny edýär we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýdýar. Emma ýurtdaky çörek nobatlary, un aladalary döwlet eýeçiligindäki metbugatyň berýän habarlaryny tassyklamaýar.

Azatlyk bilen açyk ýa-da anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň, hünärmenleriň pikiriçe, Türkmenistandaky azyk kynçylyklary häkimiýetleriň oba hojalygynda geçirilmeli özgertmeleri bilkastdan bökdemegi, bu ugurda giň ýaýran korrupsiýa bilen bagly.

Bu ýagdaý, azyk gytçylygyndan başga, Türkmenistanyň mejbury zähmeti giňden ulanmakda, oba adamlarynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegine sebäp bolmakda tankytlanmagyna getirdi.

Degişli maglumat Gazagystanyň Türkmenistana bugdaý eksporty 76.5% artdy