Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji synyny hödürledi

Türkmen obasy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 19-njy iýulda, Durnukly ösüş boýunça guralan ýokary derejeli forumyň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi diýip, türkmen metbugatyhabar berýär.

Hasabatyň başynda 2019-njy ýylda, ilkinji syn hödürleneli bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle-de durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we uzak möhletli milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumat berildi diýip, habarda aýdylýar.

Tanyşdyrylyşda görkezilen wideo şekillerde, gazanylan üstünlikler babatynda, hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.

Ikinji Meýletin milli synda saglygy goraýyş, ýokary hilli we inklýuziw bilim, azyk howpsuzlygy, gender deňligi, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak ugurlaryna üns berlipdir.

Şeýle-de, synda Türkmenistanyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça milli tejribesi görkezilýär, munuň netijesinde ýurduň diňe bir ykdysady ösüş depginini gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, esasy makroykdysady görkezijileri hem ýokarlandyryp bilendigi; Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň çäginde telekeçiligiň ösmegi, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak şertleriniň döredilendigi bellenýär.

Esasy hasabatyň ahyrynda sorag-jogap alşyldy, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetine sorag bermäge, Milli syn barada belliklerini aýtmaga mümkinçilik aldylar diýip, habarda aýdylýar.

Synyň doly görnüşi BMG-niň we Ýokary derejeli syýasy forumynyň resmi sahypalarynda çap edildi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary bu synda ýurtdaky kynçylyklara göz ýumlandygyny aýdýarlar.