Türkmenistan HZG bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Aktiwistler mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest bildirýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa12-nji martda Aşgabatda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy.

Taraplar Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň institusional gatnaşygyny giňeltmek meselelerini, mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we sosial dialogy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy.

Anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

HZG-niň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistan guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli ýurt hasabatlaryny hödürleýär, şu ýylyň iýun aýynda guramanyň Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, daşary syýsat edarasynda HZG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahatynyň geçirilendigi habar berilýär.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan mejbury zähmeti giňden ulanmakda, býujet edaralarynyň işgärlerini mejbury çärelere çekmekde we olara yzygiderli bikanun salgyt salmakda tankyt edilýär.

Kyn ýagdaýa düşendigini aýdyp, sosial mediada wideo çap edýän, prezidente ýüzlenýän raýatlaryň sanynyň köpelmegine garamazdan, türkmen häkimiýetleriň ýurtdaky agyr işsizligi, kanunlaryň emeldarlar tarapyndan bozulýandygy barada aýdylýan zatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.