2026-njy ýylda Türkmenistan internet azatlygy boýunça mümkin bolan 100 baldan 16 bal alyp, "internet azatlygynyň iň pes" ýurtlarynyň arasynda galdy. Tehnologiýa we internet howpsuzlygy boýunýa “Cloudwards” portalynyň täze hasabatyna görä, Türkmenistanda internet uly senzura bilen ýüzbe-ýüz bolýar
Türkmenistanyň sebit goňşulary barada aýdylanda, Özbegistan 24 bal, Gazagystan 35 bal, Gyrgyzystan 52 bal, Täjigistan bolsa 56 bal aldy.
Demirgazyk Koreýa iň pes bahany – 0-y aldy. Hasabatda aýdylmagyna görä, "üzňe patyşalygy" diýlip atlandyrylýan bu ýurtda, "elitanyň" birnäçe ygtybarly agzasyndan başga, raýatlaryň köpüsi internete asla girip bilmeýär. Internet elýeterliligi bolanlar hem diňe milli intranet bilen çäklenýär diýip, hasabatda bellenýär.
Demirgazyk Koreýadan birneme ýokarda 4 bal bilen Russiýa, Pakistan, Eýran we Hytaý durýar.