Türkmenistan 2023-nji ýylyň WPS Indeksinde (Women Peace and Security Index), Aýallaryň Parahatçylyk we Howpsuzlyk görkezijisi hasabatynda 177 ornuň arasynda 58-nji orny eýeledi.
Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda gazanylan iň gowy netije bolup durýar.
Sebitde ikinji orunda 70-nji ýeri eýelän Gazagystan durýar, Täjigistan 90-njy orunda, Özbegistan - 94-nji, Gyrgyzystan bolsa 95-nji orunda durýar.
Dünýädäki iň gowy görkezijiler Daniýa, Şweýsariýa we Şwesiýa degişli bolup, iň erbet görkezijiler Owganystana (177-nji ýerde), Ýemene (176) we Merkezi Afrika Respublikasyna (175) degişli.
Russiýa Türkmenistandan biraz ýokarda, 56-njy orunda durýar.
ABŞ 37-nji, Hytaý 82-nji, Türkiýe 99-njy, Günorta Koreýa 30-njy ýerde (Demirgazyk Koreýa sanawda ýok), Eýran 140-njy ýerde orun aldy.
Hukuk goraýjylar we ýerli synçylar aýal-gyzlaryň kanunda kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň yzygiderli çäklendirilýändigini, ýurtda giň ýaýran işsizligiň, korrupsiýanyň we garyplygyň arasynda aýal-gyzlaryň kyn günleri başdan geçirýändiklerini, häkimiýetleriň olaryň arzyny diňlemeýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Gelinleriň 'görülmeýän' görgüleri iň ýokardan iň aşaga çenli saklanyp galýar