Türkmen metbugaty ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň Türkiýäniň “Burteks Tekstil” we Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýalarynyň wekilleri bilen ýüplük bazarynyň häzirki ýagdaýy barada maslahat edendigini habar berýär.
“Rieter” kompaniýasyna salgylanyp berlen habara görä, bu duşuşyk 13–16-njy ýanwar aralygynda, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde, “Heimtextil 2026” halkara sergisiniň çäginde guralypdyr.
“Rieter” — ýüplük öndürmek üçin enjamlar bilen üpjün edýän halkara şweýsar kompaniýasy bolsa, “Burteks Tekstil” dokma pudagynda işleýän türk kompaniýasy bolup durýar diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary, ýerli hukuk goraýjylar tarapyndan pagtaçylykda mejbury zähmeti giňden ulanýan ýurt hökmünde tankyt edilýär.
Azatlygyň habarçylary daýhanlaryň pagtaçylykdan gazanç edip bilmän, zähmet migrasiýasyna köp ýykgyn edýändiklerini, soňky ýyllarda gowaça meýdanlarynda işleýän adamlaryň örän azalandygyny habar berýärler.