Türkmenistan Türki döwletler arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrýar

Türk döwletleriniň baýdaklary

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 2-nji aprelde Bakuwda, Türki döwletler guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygynda eden çykyşynda bu döwletleriň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag-logistika geçelgelerini, söwdany, maýa goýumlaryny, sanly ykdysadyýeti, energetikany hem-de durnukly ösüşi ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, habarda türki döwletleriň arasyndaky ykdysady goşulyşmany has-da çuňlaşdyrmak, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berlendigi bellenýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara goldawy pugtalandyrmagyň, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň we özara söwdanyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini bellediler.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew duşuşyga gelen wekiliýet ýolbaşçylaryny kabul edip, türk ýurtlarynyň jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmagyň, şol sanda Orta geçelgäni we Hazarüsti geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Degişli maglumat

Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişligini döretmegi teklip etdi, Zaman gazetini nusga görkezdi