Türkmenistan, Türkiýe arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda $2.5 milliarddan geçdi – hökümetçi neşir

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli telekeçiler, hususanda gurluşyk pudagynda türk işewürleriniň öňe çykarylýandygyny, uly taslamalaryň hem olara berilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky dört ýylyň dowamynda üç esse artyp, 2023-nji ýylda 2.5 milliard dollardan hem aşdy diýip, 25-nji ýanwarda hökümetçi neşirler Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisiniň sözlerini getirýärler.

Maglumata görä, Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda ilçi Ahmet Demirok iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny “ýakyn wagtda” 5 milliard dollara çenli artdyrmak göz öňünde tutulýandygyny hem aýdypdyr. Emma munuň bilen bagly anyk seneler görkezilmedi.

Ilçiniň sözlerine görä, türk kompaniýalary ýurtda köp sanly möhüm infrastruktura desgalaryny, şol sanda elektrostansiýalary, ulag magistrallaryny, myhmanhanalary, mekdepleri, söwda merkezlerini dagy bina edipdirler.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli telekeçiler, hususanda gurluşyk pudagynda türk işewürleriniň öňe çykarylýandygyny, uly taslamalaryň hem olara berilýändigini aýdýarlar.