Türkmenistan ÝB bilen “ýaşyl” energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahat eder

Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen, şol sanda “ýaşyl” energetika ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy maslahat eder.

14-nji maýda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny, 10-njy maýda daşary işler ministri Raşid Meredow mälim etdi.

Resmi maglumata görä, forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek hem göz öňünde tutulýar.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Forumyň dowamynda, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim ýaly meseleleriň hem maslahat ediljekdigi bellenilýär. Emma başga goşmaça jikme-jik berilmeýär.