Türkmenistan ÝUNISEF bilen bilimi, durmuş goraglylygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

Çagaly eneler. Bezeg suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy.

ÝUNICEF-iň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar.

Şeýle-de, taraplar mekdebe çenli bilimi ösdürmek, jemgyýetçilik işi ulgamynyň ösdürilmegine degişli meseleler, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek we institusional gurallary kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin çagalaryň irki ösüşi boýunça Milli strategiýasyny kabul etmeginiň möhümdigi nygtaldy diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Mundan başga, inklýuziw bilim infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, çagalaryň goraglylygy we çagalar boýunça adyl kazyýet işi baradaky Milli maksatnamany taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar arasynda pese gaçandygy aýdylýan bilim pudagy, garyplyk, ilatyň, şol sanda eneleriň we çagalaryň durmuş goraglylygy barada bildirilýän aladalara açyk düşündiriş bermeýär, ýerli metbugatda maşgalalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň, dilegçi çagalaryň köpelmegi ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna ýol açmaýar.