Türkmenistan Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berer

Döwlet propaganadasynda ulanylýan aýallar

7-nji awgustda Ženewada Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň 110-njy mejlisi açyldy, onuň dowamynda Türkmenistanyň, Italiýanyň, Horwatiýanyň, Urugwaýyň, Namibiýanyň we Senegalyň jynsy kemsitmelere garşy görýän çärelerine syn berler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň hasabaty 21-22-nji awgust aralygynda diňlener.

Türkmen metbugatynyň nygtamagyna görä, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň hormatlanylmagyna gönükdirilen işjeň syýasaty durmuşa geçirýär.

Şeýle-de, habarda Türkmenistanyň 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Jyns taýdan kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara Konwensiýany tassyklandygy aýdylýar.

Türkmen metbugatyndan tapawutlylykda, halkara hukuk guramlary Türkmenistany adam hukuklary we azatlyklary, şol sanda aýallar bilen erkekleriň arasyndaky deňlik kepillendirmelerini berjaý etmezlikde tankyt edýärler.

Türkmenistanda hususan-da aýal-gyzlaryň yzygiderli kemsitmelere, haksyzlyga sezewar bolýandygy, olaryň okuw, iş mümkinçilikleriniň ýeterlik derejede giňeldilmeýändigi aýdylýar. Bu ýagdaý, ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran korrupsiýa bilen birleşip, juda az tölegli işlerde işlemäge mejbur bolýan aýal-gyzlaryň beden we ruhy saglygyna uly zyýan ýetirýär diýip, synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Marynyň häkimiýetleri aýal-gyzlara emeli kirpigi, dyrnagy ýene gadagan edip, olary 'ahlakly geýinmäge' çagyrýar