Türkmenistanda 231 tussag azatlyga çykdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda, Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen we jezasyny çekýän tussaglaryň 231-siniň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Adatça bolşy ýaly, günä geçiş hökümet mejlisiniň dowamynda yglan edilip, “eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigi” aýdyldy we bu hili “sahawatly çäreleriň geçirilip durulýandygy” bellendi.

Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurtdaky syýasy ýa-da wyždan bendisi hasaplanylýan bendileriň ykbalyna ünsi çekip, olaryň tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdylar.

Azatlyk günäsi geçilen raýatlaryň arasynda syýasy bendi hasaplanylýan türkmenistanlylaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmeýär.

Bu şu ýyl yglan edilen köpçülikleýin günä geçişligiň dördünjisi bolup, 25-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk güni mynasybetli, 225 raýatyň günäsi geçildi.

25-nji iýulda, Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýyly mynasybetli, 247 raýatyň günäsi geçilen bolsa, 20-nji martda, Gadyr gijesi mynasybetli, 321 raýatyň günäsi geçildi.

Günäsi geçilen raýatlardan soň jeza öýlerinde näçe bendiniň galandygy, olaryň esasan haýsy jenaýatlarda aýyplanýandygy aýdylmaýar.

Geçen ýyl şeýle günä geçişler arkaly 1368 tussag azatlyga çykypdy.