Türkmenistanda köp çagaly enelere "Ene mähri" nyşanlary, täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Dabara gatnaşan zenanlar. Arhiw suraty

7-nji martda türkmen paýtagtynda we sebitlerde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, sekiz çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, sowgatlary, täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda köp çagaly zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär, olaryň döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şert döredilýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarynda 200-den gowrak diýen san agzalyp, anyk näçe enäniň hormatly ada mynasyp bolandygy, täze jaý alandygy aýdylmaýar.

Geçen ýyl bu ada 253 enänäiň mynasyp bolandygy aýdylypdy.

Hökümet tankytçylary, ýurtdaky agyr durmuş şertleriniň, işsizligiň we soňy görünmeýän zähmet migrasiýasynyň arasynda, Türkmenistanyň barha ulalýan demografiýa aladalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny öňe sürýärler.

Dünýäniň maglumat üçin iň ýapyk ýurtlarynyň birinde işleýändikleri üçin, türkmen resmilerinden bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş alyp bolmaýar.