Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri “90 müňden gowrak” uçurym tamamlar

Soňky ýyllarda uçurym bolýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli azalýandygyny synlasa bolýar.

Şu ýyl Türkmenistanda orta mekdepleri 90 müňden gowrak uçurym tamamlar. Bu barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri, ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp habar berýär. Emma mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň takyk sany aýan edilmeýär.

Öňki ýyllarda Türkmenistanda, resmi maglumatlara görä, mekdebi tamamlaýanlaryň sany 100 müňden aşan bolsa, soňky ýyllarda uçurym bolýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli azalýandygyny synlasa bolýar.

Maglumata görä, 2009-njy ýylda 115 müň uçurym hasaba alnan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 82 müňe deň boldy. Ýagny, iki döwrüň arasyndaky tapawut 33 müň adama barabar boldy.

Şu ýyl ýurtda umumybilim berýän orta mekdeplerinde gutardyş synaglary 1-15-nji iýun aralygynda geçirilýär. Bu aralykda, ýurduň dürli künjeklerinde entek synaglara girmedik ýigitler eýýämden harby gulluga çagyrylyp başlandy.

Şu ýyl ýedi ýaşynda orta mekdebe baran okuwçylar 11-nji synpy tamamlap, uçurym bolarlar. 6 ýaşynda mekdebe baryp, şy ýyl 11-nji synpy tamamlan okuwçylar bolsa indiki ýyl uçurym bolarlar.