Türkmenistanyň DI ministri ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty bilen hyzmatdaşlygy  maslahatlaşdy

Daşary işler ministri Raşid Meredow 5-nji dekabrda ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen telefonda gürleşip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslhatlaşdy.

Türkmen DIM-niň web saýtynyň maglumatyna görä, ÝB-niň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, “ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi”.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly dialogyň ösüş derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Şeýle-de, söhbetdeşlik wagtynda “ÝB – Türkmenistan bilelikdäki komitetiň formatyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy”.

Bulardan başga, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna aýratyn orun berlendigi aýdylýar.